slider img
slider img

Biz barada

img
  • Biz barada

    "Oguz gurluşyk" hususy kärhanasy 2009-njy ýylda esaslandyryldy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasydyr. Biziň kärhanamyzyň esasy ugruny dürli binalary we desgalaryny gurmak, enjamlary satyn almak we satmakdan ybaratdyr. Biziň kärhanamyz düýbi tutulan gününden şu güne çenli ýaşaýyş jaýlarynyň, kottejleriň, dolandyryş binalarynyň we desgalarynyň gurluşygy bilen meşgullanyp, gurluşyk ulgamynda öz tehnologiýasyny hemişe täzeleýär, ýaş kärhana bolmagyna garamazdan çalt kämilleşýär we jogapkär hyzmatdaşyň dinamikasyny görkezip, dünýä ülňülerine laýyklykda we öz wagtynda iş alyp barýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli gurluşyk işlerini alyp barmak, şeýle hem ony mümkin bähbide görä, tiz wagtda tamamlamak maksady bilen, biziň kärhanamyz ähli gurluşyk taslamalaryna doly derejeli maddy we tehniki goldaw bermegi guraýar, onuň gurluşygy çaltlandyrylan depginde alnyp barylýar. Diňe ýokary derejeli, tejribeli daşary ýurt hem-de ýerli hünärmenler gatnaşýarlar. Gurluşyk meýdançalarynda 700-e golaý işçi we inžener-tehniki işgärler işleýär. Kärhananyň işiniň esasy ugry gurluşyk pudagynda halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalaryny we materiallaryny ulanmak. Biziň kärhanamyzyň gurluşyk işleriniň ähli görnüşleriniň doly görnüşini ýerine ýetirýär, şol sanda içerki bezeg işlerini, tehnologik, inženerçilik we ýörite enjamlary üpjün etmek we gurnamak, monolit berkidilen beton desgalary dikmek, giňara metal düzümlerini gurnamak we beýlekiler. Kärhananyň esasy ýörelgeleri – işiň hilini, toparlaýyn sazlaşygy, borçnamalary ýerine ýetirmekligi, dogruçyllygy, açyklygy görkezýär. Biziň kärhanamyz bilen hyzmatdaşlygyň artykmaçlygy aşakdakylardan ybarat: ▪ her bir müşderä aýratyn çemeleşýäris. Ähli sargytlar aýratyn seredilýär we belli bir işiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar; ▪ hünärmenlerimiz gurluşyk tehnologiýasyndan islendik gyşarmalaryň öňüni almaga mümkinçilik berýän hil boýunça gözegçilik edýärler; ▪ ähli çäreleri guramak iň ýokary derejede amala aşyrylýar, topar anyk we sazlaşykly işleýär we enjamlar elmydama gurat ýagdaýda; ▪ çeýe töleg ulgamyny hödürleýäris; ▪ enjamlar üçin kärende şertnamasy baglaşmak ýa-da işlemek üçin köp wagt gerek däl; ähli işleri mümkin boldugyça çalt tamamlaýarys; ▪ kärhanamyz ýokary hilli kepillendirýär. "Oguz Gurlyshyk" HK müşderilere özara peýdaly hyzmatdaşlyk şertlerini hödürleýär, iş ýerine ýetirilende başarnykly tehniki çözgütleri we toplumlaýyn çemeleşmäni ulanýar.

0
Hyzmatlar
0
Ulanyjylar
0
Gün